Daşoguz şäherinde çagalar üçin futbol festiwaly geçirildi

14:4520.04.2023
0
15922

19-njy aprelde Daşoguz şäherindäki “Garaşsyzlyk” Sport toplumynyň futbol meýdanynda 12-14 ýaş aralygynda doglan futbolçylaryň gatnaşmagynda çagalar futbol festiwaly geçirildi.

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň hem-de BMG-niň Çagalar fondunyň (ÝUNISEF) bilelikde guramagynda geçirilen çagalar futbol festiwalynyň esasy maksady ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekden ybarat boldy.

Ýaşyl meýdanda geçirilen futbol festiwalyna ýaş futbolçylaryň 80 töwereginiň gatnaşandygyny bellemek gerek. Onuň dowamynda çagalar guramaçylar tarapyndan ýörite gurnalan türgenleşik işlerine, dürli ugurdaky bäsleşiklere gatnaşdylar. Mundan başga-da, gatnaşyjy toparlar futbol bäsleşigine gatnaşdylar.

Festiwalyň soňunda guramaçylar tarapyndan taýýarlanan ýörite sowgatlar gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň