Türkmenistanly suwda ýüzüji Dawid Akopýan Özbegistanyň açyk çempionatynda 50 metr aralyga brass usulynda ýüzmek boýunça bürünç medal gazandy

22:0019.04.2023
0
15110

Türkmenistanly suwda ýüzüji Dawid Akopýan Daşkent şäherinde geçirilýän Özbegistanyň açyk çempionatynda 50 metr aralyga brass usulynda ýüzmek boýunça geçirilen ýaryşda bürünç medal eýeledi.

Ol bellenen aralygy 31,05 sekuntda geçdi.

Ýaryşda birinji orny Özbegistanyň Fergana welaýatyna wekilçilik edýän Alekseý Kim (30,59) eýeledi. Menzile ikinji bolup, Nowaýy welaýatynda Murod Suýunbaýew (30,60) geldi.

Açyk çempionatda Türkmenistanyň erkekler ýygyndysyna Merdan Ataýew, Musa Jalaýew, Dawid Akopýan, Arslan Gaýypnazarow, Eminguly Ballykow, Abdyrahman Agamyradow, Selim Nazarow dagylar wekilçilik edýär. Zenanlaryň arasyndaky ýaryşda bolsa Aýnur, Ejeş we Eneş Primowalar, Waleriýa Mirenskaýa hem-de Anastasiýa Morgenştern Türkmenistanyň sport abraýyny gorar.

Türkmenistanly suwda ýüzüjilere Wladimir Nowikow bilen Mark Pilýugin tälim berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň