Türkmenistanyň hokkeý ýygyndysy dünýä çempionatyndaky ilkinji duşuşygynda GAR-yň ýygyndysyndan asgyn geldi

03:0018.04.2023
0
9818

Türkmenistanyň hokkeý boýunça milli ýygyndysy şu gün Keýptaun şäherinde başlanan dünýä çempionatynyň üçünji dwizionynyň «A» toparçasyndaky ilkinji duşuşygyny ýer eýeleri ― Günorta Afrika Respubllikasynyň ýygyndysy bilen geçirip, üç döwde-de garşydaşyndan asgyn geldi (6:9 (3:0, 0:4, 3:5).

Duşuşyk türkmen ýygyndysyndan iň gowy oýunça niýetlenen baýraga Pawel Barkowskiý mynasyp boldy.

Ikinji dwizionyň «B» toparçasyna goşulmak ugrundaky ýaryşda 5 ýygyndynyň güýç synanyşýandygyny ýatladýarys. Olar Lýuksemburgyň, Taýlandyň, Taýwanyň, Türkmenistanyň we Günorta Afrika Respublikasynyň ýygyndylarydyr.

Bu dwizionyň ugurdaş duşuşygynda Taýwan Taýlandy 11:2 hasabynda ýeňdi.

Baýram Allaýarowyň şägirtleri nobatdaky duşuşygyny 19-njy aprel güni Lýuksemburgyň ýygyndysy bilen geçirer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň