Şu gün Türkmenistanda aprel aýynyň 17-sinden 18-ine geçilýän gije, ýagny Oraza ybadatynyň 27-nji gününiň öňündäki mukaddes Gadyr gijesi belleniler. Bu sene mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti türkmen halkyna Gutlag ýollady.
Türkmenistanda Gadyr gijesi indi ençeme ýyllardan bäri rehimdarlygyň we ruhy päkizeligiň gijesi hökmünde adamlaryň aňyna berk ornaşdy. Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti mübärek Gadyr gijesi mynasybetli, jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen 463 raýatyň günäsini geçmek hakyndaky Permana gol çekdi.