Turkmenportal logo
17.04.23
3326433264
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ýanwar aýynda Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky söwda dolanyşygy 62 million ýewrodan geçdi
Ýanwar aýynda Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky söwda dolanyşygy 62 million ýewrodan geçdi

Şu ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistan bilen Ýewropa birleşiginiň arasyndaky söwda dolanyşygy 62,7 million ýewrodan gowrak boldy. Bu barada«Eurostat»-a salgylanyp, «Trend» habar berýär.


Maglumatlara görä, ýanwar aýynda Türkmenistan Ýewropa bileleşigi ýurtlaryna bahasy 22,36 million ýewro bolan haryt eksport etdi. Bu 2022-nji ýylyň ýanwar aýy bilen deňeşdirilende 19,2% azdyr (27,69 million ýewro). Şol bir wagtyň özünde, Ýewropa ýurtlaryndan Türkmenistana import 2022-nji ýylyň ýanwar aýy bilen deňeşdirilende 0,46% azaldy.


Çeşme 2022-nji ýylda Türkmenistan bilen Ýewropa bileleşigi ýurtlarynyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň 1 milliard ýewro barabar bolandygyny belleýär. Bu 2021-nji ýyldakydan 25,9% azdyr (1,35 milliard ýewro).