Kerki we Halaç etraplarynda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçiriler

13:0415.04.2023
0
23842

Kerki etrabyndaky çäre Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölüminde 18-nji aprelde geçiriler. Ol sagat 10:00-da başlar. Bölüm Kerki şäheriniň A.Nyýazow köçesiniň 7-nji jaýynda ýerleşýär. Gyzyklanýan adamlar doly maglumaty 800444 2-10-59, 800444 2-03-84 belgili telefonlardan hem alyp bilerler. Bu barada «Jeyhun.news» «Türkmen gündogary» gazetine salgylanyp habar berdi.

Halaç etrabyndaky çäre hem Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölüminde geçiriler. Bu etrapdaky boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi 19-njy aprelde geçirilip, ol sagat 10:00-da başlar. Halaç şäheriniň S.A.Nyýazow köçesiniň 21-nji jaýynda ýerleşýän bölüm bilen 800441 2-17-72 belgili telefon arkaly habarlaşyp bolýar.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň