Soňky habarlar

Arhiw

Şu gün Hindistan dünýäniň iň köp ilatly ýurdy bolar

12:5314.04.2023
0
50203
Şu gün Hindistan dünýäniň iň köp ilatly ýurdy bolar
Surat: pulse.mail.ru

Fransuz alymlarynyň hasaplamalaryna görä, 14-nji aprelde Hindistan Hytaýyň dünýäniň iň köp ilatly ýurdy diýen adyny öz hasabyna geçirmeli. Bu barada «MIR 24» «France 24»-e salgylanyp habar berýär.

Hut şu gün Hindistanyň ilaty 1 425 775 850 adama ýetmeli.

Şol bir wagtyň özünde, 2021-nji ýyldaky ilat ýazuwynyň koronawirus pandemiýasy sebäpli yza süýşürilendigi üçin Hindistanyň ilaty barada takyk maglumatlaryň ýokdugy habar berildi. Ýöne matematiki hasaplamalar Hindistanyň iň köp ilatly döwlet boljakdygyny takyk görkezýär. Diňe soňky 12 ýylda bu ýurduň ilaty 210 million adam artdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň