Soňky habarlar

Arhiw

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 3 aýyň jemine bagyşlanan mejlisi geçirildi

23:0813.04.2023
0
49944
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 3 aýyň jemine bagyşlanan mejlisi geçirildi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi. Şeýle-de mejlisiň gün tertibine ýurtda asudalygy we howpsuzlygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak hem-de olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly möhüm meseleler girizildi.

Mejlisde ilki bilen söz berlen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň maksatnamasyndan, şeýle hem diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinadan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça alnyp barlan işler barada hasabat berdi. Şeýle-de çagyryş boýunça harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we raýatlaryň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşyny guramaçylykly geçirmek maksady bilen döwlet Baştutanynyň şu ýylyň 15-nji martynda gol çeken degişli resminamalaryna laýyklykda görülýän çäreler hakynda aýdyldy.

Mundan başga-da, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew harby-taktiki okuwlara görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Harby doktrinasynyň diňe goranyş häsiýetine eýedigini belledi. Şeýle-de döwlet Baştutany geçiriljek harby-taktiki okuwlara talabalaýyk taýýarlyk görmegiň wajypdygyny aýdyp, häzirki döwrüň talaplaryny nazara almak bilen, milli goşunyň ähli düzümleriniň işini ýokary derejede guramagyň möhümdigine ünsi çekdi.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy harby gullukçylary ýurduň Ýaragly Güýçlerinden boşatmak we ýazky harby gulluga çagyrmak möwsümini kanunçylyga laýyklykda guramagyň zerurdygyny belledi.

Döwlet Baştutany ýaş esgerleri watançylyk hem-de ýurda wepalylyk ruhunda terbiýelemek boýunça çäreleri yzygiderli görmegiň ähmiýeti barada aýdyp, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisiniň barşynda soňra harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň ilkinji üç aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri, şeýle-de döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabatlary berdiler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, ýurtda asudalygy we howpsuzlygy, berk düzgün-tertibi, kanunlaryň gyşarnyksyz berjaý edilişini üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, degişli düzümleriň işinde sanly ulgamdan, häzirki zaman usullaryndan peýdalanmak, şeýle-de olaryň işgärler bilen üpjünçiligini pugtalandyrmak bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Garaşsyz Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanyp, dünýä ýurtlary we halklary bilen dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürýändigini belledi.

— Bu ýörelgeler diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinanyň esasynda goýlandyr. Harby doktrina laýyklykda, harby we hukuk goraýjy edaralaryň düzümini kämilleşdirmek işi mundan beýläk-de dowam eder, eziz Watanymyzyň goranmak ukyby pugtalandyrylar — diýip, döwlet Baştutany belledi.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy. Olar boýunça degişli çözgütleri kabul edip, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy mejlisi jemledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň