Turkmenportal logo
12.04.23
3561635616
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gyrgyzystanyň Milli maýa goýum gullugynyň wekilleri Aşgabatda saparda bolar
Gyrgyzystanyň Milli maýa goýum gullugynyň wekilleri Aşgabatda saparda bolar

Gyrgyz Respublikasynyň Milli maýa goýum gullugy Türkmenistandaky ilçihanasy bilen bilelikde maý aýynda Aşgabat şäherine iş saparyny guramagy meýilleşdirýär. Bu barada gullugyň resmi saýtynda habar berilýär.


Bellenilişi ýaly, bu sapar Gyrgyzystan bilen Türkmenistanyň işewür wekilleriniň arasynda işjeň gatnaşyklary ýola goýmakda, şeýle-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ähmiýetli waka bolar.


Gepleşikleriň dowamynda syýahatçylyk, senagat, saglygy goraýyş, oba hojalygy we ýeňil senagat ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada maslahatlaşylar. Şeýle-de gurluşyk-binagärlik, IT tehnologiýalary, halkara üstaşyr ulag geçelgeleri, marketing we maslahat beriş ýaly özara gyzyklanma döredýän meseleler boýunça hem pikir alşylar.