Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda ÝHHG-niň žurnalistler üçin iki günlük okuw-treningi geçirilýär

17:3012.04.2023
0
26198

Şu gün Aşgabatdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda žurnalistler üçin jemgyýetçilik gyzyklanmasyna eýe bolan meseleleri şöhlelendirmekde sanly mazmuny döretmäge niýetlenen platformalary ulanmak boýunça iki günlük okuw başlandy.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan guralýan okuw halkara derejeli hünärmenler — angliýaly Marek Bekerman we polşaly Ýakub Parusinskiý tarapyndan geçirilýär.

Şu gün okuwa gatnaşyjylar sanly platformalar, «jemgyýetçilik gyzyklanmasy» we onuň žurnalistika hem-de habar beriş serişdeleri bilen arabaglanyşygy ýaly meseleleri özleşdiriler. Mundan başga-da, žurnalistikada «jemgyýetçilik gyzyklanmasy» ýörelgelerine mysallar arkaly seredildi.

Okuwyň barşynda hünärmenleriň hödürlän amaly gönükmelerine türkmen metbugatynyň wekilleri hem işjeň gatnaşdylar.

Okuw ertir hem dowam eder we onda sosial ulgamlar, wideo, ses we surat materiallary ara alnyp maslahatlaşylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň