Turkmenportal logo
12.04.23
3889338893
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
2022-nji ýylda Türkmenistanyň banklary 38 milliard manatdan gowrak karz berdi
2022-nji ýylda Türkmenistanyň banklary 38 milliard manatdan gowrak karz berdi

2022-nji ýylda Türkmenistanyň banklary tarapyndan berlen karzlaryň umumy mukdary 38,61 milliard manat boldy. Karzlar boýunça göterim mukdary 3,3% boldy. Bu barada Türkmenistanyň Merkezi bankyna salgylanmak bilen «Trend» habar berýär.


Ortaça 2,68% göterim bilen 34,29 milliard manat edara görnüşli taraplara berildi. Şahsy taraplara ortaça 8,19% göterim bilen 4,32 milliard manat karz berildi.


Ozal habar berşimiz ýaly, 2023-nji ýylyň aprel aýynyň başyna POS terminallaryň sany boýunça Türkmenistanyň banklarynyň sanawy neşir edildi. Sanawa laýyklykda, «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky öňdebaryjy boldy.