Turkmenportal logo
10.04.23
3364533645
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
TDHÇMB-de geleşikleriň umumy bahasy 4 million dollardan gowrak boldy
TDHÇMB-de geleşikleriň umumy bahasy 4 million dollardan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 24-si hasaba alyndy diýlip, «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berilýär.


Habarda bellenilişi ýaly, daşary ýurt puluna Pakistanyň, Owganystanyň we Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmengaz» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy hem-de «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen nebit ýol bitumyny satyn aldylar.


Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Hytaýyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Irlandiýanyň, Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri buýan köküni, nah ýüplügi, float aýnasyny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million 76 müň dollaryndan gowrak boldy.


Manat serişdelerine türkiýeli işewürler bahasy 252 müň manada deň bolan nah ýüplügi satyn aldylar.