Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Moldowanyň Prezidenti türkmen ilçisini kabul etdi

11:3510.04.2023
0
22361
Moldowanyň Prezidenti türkmen ilçisini kabul etdi
Surat: Moldova news Noi.md.

Türkmenistanyň Ukraina Respublikasyndaky (Kiýew şäheri), şol bir wagtda Moldowa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Toýly Ataýew 7-nji aprelde Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Maýa Sanduwa ynanç hatyny gowşurdy. Bu barada «Moldova news Noi.md.» habar berýär.

Duşuşykda taraplar iki halkyň özara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar we ýurtlaryň syýasy gepleşikleri yzygiderli güýçlendirmek we söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek isleglerine ünsi çekdiler.

***

Şol gün türkmen diplomaty Moldowanyň Daşary işler we Ýewropa integrasiýa ministrliginiň Döwlet sekretary Ruslan Bolboçan bilen hem duşuşdy. R.Bolboçan türkmen diplomatyna jogapkärli wezipesinde üstünlik arzuw etdi we garamagyndaky ministrligiň doly goldaw berjekdigine ynandyrdy.

Diplomatlaryň duşuşygynda energetika pudagy hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Taraplar bu ugurda bilelikdäki taslamalary işläp düzmäge we durmuşa geçirmäge gyzyklanmalaryny we taýýarlyklaryny mälim etdiler.

Ozal habar berşimiz ýaly, ilçi T.Ataýew Türkmenistanyň Moldowa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesinde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň iýul aýynda gol çeken resminamasy bilen bellenilipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň