Turkmenportal logo
09.04.23
2830828308
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Tatarystanyň Döwlet geňeşçisi Gurbanguly Berdimuhamedowa gynanç hatyny ýollady
Tatarystanyň Döwlet geňeşçisi Gurbanguly Berdimuhamedowa gynanç hatyny ýollady

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Döwlet geňeşçisi Mintimer Şaýmiýewden türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa mähriban käbesi Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykmagy zerarly gynanç haty gelip gowuşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.


— Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç! Siziň mähriban käbäňiz Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykandygy baradaky habary çuňňur gynanç bilen kabul etdim. Ata-enäniň aradan çykmagy agyr ýitgidir, ýöne olar biziň kalbymyzda we hakydamyzda parasatlylyk hem-de ýagşylyk nury bolup hemişelik galar. Ata-eneleriň baky söýgüsi bolsa bizi elmydama goldaýar. Öwezini dolup bolmajak bu ýitginiň hasratyny Siziň bilen hem-de Siziň ýakynlaryňyz bilen bile paýlaşýaryn — diýip, Mintimer Şaýmiýew gynanç hatynda belleýär.