Top.Mail.Ru

Türkmen döwlet gurjak teatry «Janly gurjaklar» atly gurjak oýny bilen Balkan welaýatynda saparda bolýar

17:3805.04.2023
0
34927
Türkmen döwlet gurjak teatry «Janly gurjaklar» atly gurjak oýny bilen Balkan welaýatynda saparda bolýar
Surat: turkmenistan.gov.tm

Şu günler Türkmen döwlet gurjak teatrynyň döredijilik topary Balkan welaýatynda döredijilik saparynda bolýarlar. 3-nji aprelde başlanan döredijilik sapary 15-nji aprele çenli dowam eder. Bu barada teatryň administrasiýasy «Turkmenportal» web-saýtymyza habar berdi.

Allaguly Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky 10 adamdan ybarat döredijilik topary Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň, Balkanabat, şeýle-de Türkmenbaşy şäherleriniň medeniýet öýlerinde, orta mekdepleriň birnäçesinde «Janly gurjaklar» atly gurjak oýnuny balkanly mekdep okuwçylaryna hödürlärler.

Geldimyrat Almämmedowyň režissýorlyk etmeginde sahnalaşdyrylan «Janly gurjaklar» atly gurjak oýny indi birnäçe ýyl bäri Türkmen döwlet gurjak teatrynyň sahnasynda Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin görkezilip gelinýär. Bu gurjak oýny körpe tomaşaçylaryň iň bir halaýan oýunlarynyň biridir. Gurjak oýnunda beýan edilýän wakalar täsirli bolup, ol çagalaryň şatlygyna şatlyk goşmagy başarýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň