Maryda Türkmenistanyň deri öndürýän kärhanalarynyň işgärleri kiçi futbol meýdançasynda duşuşyk geçirdiler

09:5005.04.2023
0
31466

23-nji martdan 1-nji aprel aralygynda Marydaky «Ylham» sport köşgünde «Röwşen» HK-nyň we «Maksat Deri» AGPJ-niň işgärleriniň arasynda birinjiligiň göçme Kubogyny almak ugrunda kiçi futbol boýunça duşuşyklar geçirildi. Ýaryşa bäş topar gatnaşdy: «Röwşen Aýakgaplary» HK, «Röwşen Gurluşyk» HK, «Röwşen Agro» HK, «Mary-Deri Aýakgap» we «Maksat Deri».

Türkmenistanyň deri öndürýän kärhanalarynyň işgärleriniň arasynda şeýle ýaryş ilkinji gezek geçirildi. Birinjiligiň kadalaryna laýyklykda, ýeňiji ýaryşyň tutuş dowamynda salnan pökgüleriň sany boýunça kesgitlenýär.

Birinji orny «Röwşen Gurluşyk» HK-nyň topary eýeledi, onuň oýunçylary 13 pökgi geçirmegi başardylar. «Röwşen Aýakgap» HK-nyň topary ýekeje pökgi bilen ýeňijilerden yza galdy, üçünji orny 6 pökgi bilen «Röwşen Agro» HK-nyň topary eýeledi. «Mary-Deri Aýakgap» we «Maksat Deri» toparlary degişlilikde, 3 we 1 pökgi geçirdiler.

Ýeňijiler ýörite göçme Kubok we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň