Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda 2023-nji ýylyň iýul aýyndan başlap, Türkmenistanda «Arkadag» gazeti çap ediler. Gazet hepdede bir gezek türkmen dilinde neşir ediler. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
«Arkadag» gazetiniň redaksiýasy ýuridik şahs hökmünde döredildi hem-de gazetiň redaksiýasynyň Tertipnamasy tassyklanyldy. Bellenilişi ýaly, bu gazet Arkadag şäheriniň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmak, şäheriň ilatynyň durmuşy hakynda dürli makalalary, maglumatlary çap etmek maksady bilen döredildi.
Türkmen döwlet neşirýat gullugyna Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlap, Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.