Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň başlanjak güni 10 gün yza süýşürildi

09:0008.04.2023
0
65598

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy nobatdan daşary geçiren maslahatynda toparlaryň has netijeli taýýarlygyny üpjün etmek maksady bilen milli futbol çempionatynyň başlanjak gününi 10 gün yza süýşürdi.

Şeýlelikde, ozal täze möwsümiň başlanjak güni hökmünde 4-nji aprel görkezilen bolsa, federasiýa tarapyndan täze düzülen senenamada 1-nji tapgyryň duşuşyklarynyň 14-nji 15-nji aprel günlerinde geçiriljekdigi görkezilýär.

Geçen ýyllardakydan tapawutlylykda, bu ýyl Ýokary ligadaky ýaryşa 9 topar gatnaşdy. Ozal hem habar berşimiz ýaly, federasiýa täze döredilen «Arkadag» futbol toparynyň milli çempionata we Kubok ýaryşyna gatnaşmagyny tassyklady.

Şeýlelikde, 1-niji tapgyrda 14-nji aprel güni «Köpetdag» ― «Şagadamy» kabul eder. 15-nji aprelde geçirilen duşuşyklarda bolsa «Altyn asyr» bilen «Nebitçi», «Merw» bilen «Aşgabat», «Ahal» bilen «Energetik» güýç synanyşar.

Täze döredilen «Arkadag» futbol topary 1-nji tapgyrda dynç alar. Resmi däl maglumatlara görä, geljek hepdäniň başyndan başlap, Türkmenistanyň Futbol federasiýasy 5 günlük transfer penjiresini açar. Şol 5 günüň dowamynda toparlar ýene-de täze oýunçylar bilen düzümini güýçlendirip bilerler. «Arkadag» futbol toparynyň hem esasy düzüminiň şol günlerde düzülmegine garaşylýar. Toparyň tälimçiler we futbolçylar düzümi baradaýakyn günlerde habar bereris.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň