Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti we Halk Maslahatynyň Başlygy BAE-niň wise-prezidentini gutlady

13:4501.04.2023
0
36273

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýana Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti wezipesine bellenilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

«Biz Türkmenistanda Birleşen Arap Emirlikleri bilen ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlyga ýokary baha berýäris. Häzirki wagtda ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyz dürli ugurlar boýunça ösdürilýär we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Ýokary derejede amala aşyrylýan özara saparlar hem-de olaryň çäklerinde geçirilýän gepleşikler hyzmatdaşlygymyzy has-da işjeňleşdirmäge itergi berýär» diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow hatynda belleýär.

Serdar Berdimuhamedow şu mümkinçilikden peýdalanyp, wise-prezident Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýana türkmen-emirlikler gatnaşyklaryny ösdürmäge goşýan şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirip, täze wezipede bu hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldiljekdigine ynam bildirdi, şeýle-de oňa berk jan saglyk, bagtyýarlyk, ýokary döwlet wezipesinde üstünlikler baradaky arzuwlaryny beýan etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýana Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti wezipesine bellenilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

«Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky gatnaşyklar ýokary ösüş depgini we ynanyşmak häsiýeti bilen tapawutlanýar. Bu babatda şu ýylyň fewralynda gözel ýurduňyza saparymyň çäklerinde Siziň bilen geçiren gepleşiklerimiziň dowamynda ýurtlarymyzyň arasynda ýola goýlan gatnaşyklary dürli ugurlar boýunça ösdürmäge ygrarlydygymyzy tassykladyk» diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow hatynda belledi we Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýanyň täze wezipä bellenilmegi bilen, Emirlikleriň uly ösüşlere eýe boljakdygyna hem-de türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň has-da pugtalandyryljakdygyna berk ynam bildirdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şu mümkinçilikden peýdalanyp, Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýana tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, ýokary döwlet wezipesinde üstünlikleri arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň