Turkmenportal logo
01.04.23
2141921419
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Barselona» indiki möwsümde duşuşyklaryny 100 ýaşly stadionda geçirer
«Barselona» indiki möwsümde duşuşyklaryny 100 ýaşly stadionda geçirer

«Barselona» Ispaniýanyň Futbol federasiýasyna indiki möwsümde duşuşyklaryny «Kamp Nou» stadionynda geçirmejekdigini mälim etdi. Stadionyň düýpli abatlanjakdygy sebäpli, topar duşuşyklaryny 2023/24-nji ýyllaryň möwsüminde «Monjuik» Olimpiýa stadionynda geçirer.


Klub «Kamp Nounyň» abatlanyşy üçin 1,5 milliard ýewro serişde goýberer. Häzir munuň üçin käbir gaznalar bilen gepleşikler geçirilýär.


Şeýlelikde, «Barselona» öz stadionyna 2024-nji ýylyň noýabrynda dolanyp geler.


«Monjuik» stadiony 1927-nji ýylda guruldy. Ol 55926 tomaşa niýetlenendir. 1997 ― 2009-njy ýyllar aralygynda stadion «Espanýol» toparynyň öý duşuşyklary üçin ulanyldy.