Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly dzýudoçylar ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasyndaky Aziýanyň kubogyna gatnaşar

15:3001.04.2023
0
56116

Türkmenistanly türgenler Gazagystanyň Almaaty şäherinde dzýudo boýunça ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda geçiriljek Aziýanyň kubogyna gatnaşyjylaryň hatarynda hasaba alyndy. Bu barada Halkara Dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýty habar berýär.

Ýaryşda Türkmenistanyň erkekler ýygyndysyna Behruz Bahriddinow, Ahmet Nuryýew (ikisi hem 50 kilograma çenli agram derejesinde), Yslam Şamedow, Şahruz Şanazarow (ikisi hem 55 k.ç.a.d.), Söhbet Myratgulyýew, Ruslan Kuznesow (ikisi hem 60 k.ç.a.d.), Gahryman Aşyrow (66 k.ç.a.d.), Amal Abdysalamow, Batyr Merdanow (ikisi hem 73 k.ç.a.d.) dagylar, zenanlar ýygyndysyna bolsa 57 kilograma çenli agram derejesinde Nasiba Narimanowa wekilçilik edýär.

Beket Mahmudowyň hatyrasyna bagyşlanyp geçiriljek halkara ýaryş 7-8-nji aprel günlerinde bolar. Ony Almaaty şäheriniň Baluan Şolak adyndaky sport we medeniýet köşgi kabul eder.

Ýeri gelende aýtsak, Beket Sapabekowiç Mahmudow 2009 ― 2012-nji ýyllar aralygynda Gazagystanyň Dzýudo federasiýasyna ýolbaşçylyk etdi. Soňra bolsa ol Aziýanyň Dzýudo birleşiginiň wise-prezidenti bolup işledi. Onuň hatyrasyna bagyşlanan ýaryş altynjy gezek geçirilýär.

Halkara ýaryşa Gazagystandan, Özbegistandan, Täjigistandan, Türkmenistandan, Gyrgyzystandan, Gresiýadan, Gruziýadan, Latwiýadan, Mongoliýadan we ABŞ-dan 300-den gowrak türgeniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Ýaryşda türgenleriň gazanjak medallary olaryň reýtingäki utuklaryna täsirini ýetirer. Has takygy, çempiona 100, kümüş medalyň eýesine 60, bürünç medal gazanan türgene 40 reýting utugy berler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň