Ýetginjekleriň arasynda futbol boýunça Türkmenistanyň birinjiligi tamamlandy

14:1930.03.2023
0
41239

GOÝÇÝSM (Futbol boýunça geljekki olimpiýaçylaryň ýöriteleşdirilen çagalar-ýetginjekler sport mekdebi) topary 2010-2011-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda futbol boýunça geçirilen Türkmenistanyň birinjiliginiň ýeňijisi boldy. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Aşgabadyň topary aýgytlaýjy duşuşykda «FSM Batly» toparyndan 5:0 hasabynda üstün çykdy.

Üçünji orun ugrunda geçirilen duşuşykda «Mary» topary «Lebaby» ýeňlişe sezewar etdi.

Final duşuşygynyň yzysüresi geçirilen baýrak gowşurylyş dabarasynda bäsleşigiň dowamynda öňe saýlanan oýunçylaryň sylaglanyş dabarasy geçirildi.

Şeýlelikde, GOÝÇÝSM-iň oýunçysy Abdyresul Öwezow «Iň ökde futbolça» gowşurylýan baýraga mynasyp görüldi. «Mary» toparyndan Atamuhammet Gurbanow «Iň ökde goragçy», «FSM-Batly» toparynyň derwezeçisi Niýazi Gurbanow bolsa «Iň ökde derwezeçi» diýlip yglan edildi.

«Aşgabat» köpugurly stadionynda geçirilen bäsleşikde paýtagta hem-de welaýatlara wekilçilik eden toparlarynyň sekizisi gatnaşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň