Soňky habarlar

Arhiw

«Parahat — 7» ýaşaýyş toplumynyň gurluşygy boýunça goşmaça ylalaşyklar baglaşylar

18:0030.03.2023
0
108214

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aşgabat şäheriniň häkimligine Aşgabat şäherinde döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny we seýilgähi gurmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 11-nji aprelinde çykaran 1203-nji Kararyna laýyklykda, Aşgabat şäheriniň «Parahat — 7» ýaşaýyş toplumynda inženerçilik ulgamlary we ýollary bilen bilelikde 9 gatly, 23 sany döwrebap ýaşaýyş jaýynyň we seýilgähiň taslamalaryny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada baglaşan şertnamalaryna goşmaça ylalaşyklary baglaşmaga ygtyýar berildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň