Muhammetnyýaz Maşalow şol bir wagtda Türkmenistanyň Kamboja Patyşalygyndaky ilçisi wezipesine bellenildi

21:5129.03.2023
0
35179

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Badyýewiç Maşalow, şol bir wagtda Türkmenistanyň Kamboja Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Ýeri gelende ýatlatsak, mundan ozal Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi B.Maşalowyň Kuala-Lumpur şäheriniň häkimi Datuk Seri Mahadi Çe Ngah bilen duşuşyp, Arkadag şäheriniň giňişleýin tanyşdyrandygy barada habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň