Ulag serişdelerini dolandyrmaga hukuk almak üçin hünär synaglaryny geçirmegiň Tertibine goşmaçalary girizildi

11:2730.03.2023
0
75189

Türkmenistanyň Içeri işler ministriniň 2018-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda çykaran 188 belgili buýrugy bilen tassyklanan, Ulag serişdelerini dolandyrmaga hukuk almak üçin hünär synaglaryny geçirmegiň Tertibine goşmaçalary girizildi. Bu resminama Türkmenistanyň Içeri işler ministriniň 2023-nji ýylyň 24-nji fewralyndaky buýrugyna laýyklykda üýtgedildi. Buýruk Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2023-nji ýylyň 16-njy martynda 1694 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alyndy.

Ýokardaky tertibiň 13-nji bölegine şu mazmunly tesim goşuldy: «Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän raýatlara «C» topara degişli ulag serişdelerini dolandyrmak hukugy on sekiz ýaşdan berilýär.»

Şeýle hem 16-njy bölegine goşmaçalar girizildi: «Şunda sürüjilik şahadatnamasy synaglardan üstünlikli geçen adamyň ynanylan wekili tarapyndan hem ynanç haty esasynda alnyp bilner.»;

20-nji bölege şeýle goşmaça girizildi: «Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň Bellige alyş we synag birlikleri tarapyndan ulag serişdeleriniň sürüjilerini taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak boýunça okuw mekdeplerinde okaýanlaryň islendik toparlarynyň okuwa gatnaşyklaryna we olaryň okadylyşyna gözegçilik edilýär. Kemçilikler ýüze çykan ýagdaýynda şol edaralaryň ýolbaşçylaryna, aýratyn halatlarda olaryň ýokarda durýan guramasyna habarnama iberilýär.»

Resminamanyň doly görnüşini şu ýerden okap bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň