BMG-niň Ösüş maksatnamasy Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen bilelikde «Sanly ykdysadyýetiň global tendensiýalary» ady bilen 5 günlük okuw-maslahat geçirýär.
Okuw-maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň, Daşary işler, Maliýe we ykdysadyýet, Adalat, Bilim, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrlikleriniň, Merkezi bankynyň, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň, Aşgabat şäher häkimliginiň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň wekilleri gatnaşdylar. Degişli ugurda halkara we öňdebaryjy tejribelerdir usullar bilen maglumat tehnologiýalary boýunça halkara konsultant Andreý Leonowiç çykyş edip, ol okuw-maslahata gatnaşyjylary tanyşdyrdy.
Okuw-maslahat ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek, bu ugurda özara pikirleri alyşmak boýunça türkmen hünärmenleri üçin netijeli bolar.