Turkmenportal logo
29.03.23
2878228782
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Müsüre 2028-nji ýylda 30 million jahankeşde barar diýlip garaşylýar
Müsüre 2028-nji ýylda 30 million jahankeşde barar diýlip garaşylýarSurat: tourprom.ru

Müsür 2028-nji ýylda jahankeşdeleriň 30 millionyny kabul etmäge taýýarlanýar. Bu barada ýurduň turizm ministriniň orunbasary Gada Şalýabi «Al-Hadath Al-Youm» teleýaýlymyna beren interwýusynda habar berdi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.


«Maksat – 2028-nji ýylda jahankeşdeleriň sanyny 30 milliona ýetirmekdir» diýip, Şalýabi belledi. Onuň sözlerine görä, bu görkeziji kem-kemden gazanylar. Şol sanda ýurduň jahankeşdelik pudagyna maýa goýumlaryň artdyrylmagy hem-de awiakompaniýalaryň sanynyň artdyrylmagy göz öňünde tutulýar.