Soňky habarlar

Arhiw

Agyr atletikaçy Perhat Bagtyýarow dünýä çempionatynda kümüş medal eýeledi

14:2327.03.2023
0
26507

Türkmenistanly agyr atletikaçy Perhat Bagtyýarow ýetginjekleriň arasynda Albaniýada geçirilýän dünýä çempionatynda 61 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşyp, hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykdy.

Aşgabadyň «Olimp» sport mekdebiniň 16 ýaşly okuwçysy ştangany silterläp götermek boýunça 114, itekläp galdyrmakda 144, iki görnüşiň jemi boýunça 258 kilogram netije görkezdi.

Bu agram derejesinde altyn medala Delso Santos mynasyp boldy. Ol umumy netijesini 259 kilograma (110+149) ýetirmegi başardy. Ýaryşy 255 kilogramlyk (113+142) netije bilen tamamlan wýetnamly K’Brum bolsa hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy.

Şeýlelikde, Perhat Bagtyýarow Durres şäherinde geçirilýän dünýä çempionatynda Türkmenistanyň ýygyndysynyň hasabyna bir kümüş medaly goşdy. Mundan ozal gyzlaryň arasynda geçirilen ýaryşyň 45 kilograma çenli agram derejesinde Ogulşat Amanowanyň dünýäniň çempiony bolandygyny habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň