Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda geçirilen saýlawlaryň netijeleri ýakyn günlerde mälim ediler

12:1727.03.2023
0
28468

Şu gün Türkmenistanyň merkezi saýlaw toparynyň başlygy G.Myradow 26-njy martda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynyň netijeleri boýunça geçirilen brifingde milli we halkara derejeli žurnalistleriň sowallaryna jogap berdi.

Brifingde G.Myradow çykyş edip, milli parlamentiň, ýerli häkimiýet edaralarynyň düzümlerine hödürlenen mynasyp dalaşgärlere ses bermek çäresiniň üstünlikli geçirilendigini habar berdi. Nygtalyşy ýaly, şu gezekki saýlawlar, ozalkylar ýaly, giň bäsdeşlik esasynda, demokratik we aýanlyk ýagdaýynda geçdi. Munuň şeýledigine Mejlisiň deputatynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzasynyň bir ornuna birnäçe dalaşgäriň bellige alnandygy hem şaýatlyk edýär. Umuman, Aşgabat şäherinde 312, Ahal welaýatynda 365, Balkan welaýatynda 272, Daşoguz welaýatynda 536, Lebap welaýatynda 567, Mary welaýatynda 550 saýlaw uçastogy döredildi. Raýatlaryň 3,2 milliona golaýy saýlawlara ses bermäge gatnaşdylar. Saýlaw çäreleriniň barşyna monitoringi halkara we milli synçylar amala aşyrdylar.

G.Myradow saýlawlaryň netijeleriniň ýakyn günlerde, 3-4 günüň içinde mälim ediljekdigini, düýn saýlawlar tamamlanandan soňra sesleriň sanalyp başlandygyny mälim etdi. Şeýle-de halkara we sebit guramalarynyň hem-de dostlukly ýurtlaryň synçylarynyň saýlawlara işjeň gatnaşandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň