Turkmenportal logo
26.03.23
2459224592
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gazagystanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Ýewro-2024-iň saýlamasynda Daniýany utdy
Gazagystanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Ýewro-2024-iň saýlamasynda Daniýany utdyPhoto from the official website of the Football Federation of Kazakhstan

Gazagystanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Daniýanyň ýygyndysy bilen geçirilen duşuşykda ýeňiş gazandy. Has takygy, Ýewro-2024-iň saýlamasynyň 2-nji tapgyrynda geçirilen oýnuň 73-nji minutynda hem gazak ýygyndysy «Atalantanyň» daniýaly hüjümçisi Rasmus Heýlundyň dubly sebäpli 2:0 hasabynda yzda barýardy. Emma 73-nji minutda «SSKA-nyň» ýarymgoragçysy Bahtiýor Zaýnutdinowyň goly gazagystanly futbolçylara umyt beren bolsa, 86-njy minutda «Ordabasynyň» oýunçysy Ashat Tagybergen hasaby deňledi. Gazagystana ýeňiş getiren topy 89-njy minutda «Astananyň» hüjümçisi Abat Aýmbetow derwezä ýollady.


Oýnuň esasy wagtyna emin tarapyndan goşulan minutlarda Abat Aýmbetow ikinji sary duýduryşy alyp, meýdançany terk etmäge mejbur boldy.


Häzirki wagtda Gazagystanyň milli ýygyndysy 3 utuk bilen Ýewro-2024-iň saýlamasynyň «H» toparçasynda ikinji orunda barýar. Şonça utugy bolan Daniýa bolsa dördünji orunda ýerleşdi. Toparçanyň lideri bolsa Sloweniýadyr hasaplanýar.


Ýewro-2024-iň saýlamasy 2023-nji ýylyň martyndan 2024-nji ýylyň martyna çenli dowam eder. 53 ýurduň ýygyndysynyň gatnaşýan saýlama tapgyrynyň jemleri boýunça 24 ýygyndy yklym birinjiligine gatnaşmaga hukuk gazanar.


Futbol boýunça Ýewropanyň häzirki çempiony Italiýanyň milli ýygyndysydyr.