15:00-a çenli Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary boýunça saýlawçylaryň 74,48% ses berdi

16:1226.03.2023
0
36112

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlaryň saýlawlary boýunça sagat 15-e çenli saýlawçylaryň 74,48% ses berdi. Bu barada Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topary resmi saýtynda mälim etdi.

Has takygy, saýlawçylaryň Ahal welaýatynda 76,43%, Balkan welaýatynda 75,25%, Daşoguz welaýatynda 72,82%, Lebap welaýatynda 72,45%, Mary welaýatynda 75,03%, Aşgabat şäherinde 76,95% ses berdiler.

Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça sagat 15-е çenli saýlawçylaryň 74,65% ses berdi. Saýlawçylaryň Ahal welaýatynda 76,43%, Balkan welaýatynda 75,25%, Daşoguz welaýatynda 72,82%, Lebap welaýatynda 72,45%, Mary welaýatynda 75,03%, Aşgabat şäherinde 78,30% ses berdiler.

Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça sagat 15-е çenli saýlawçylaryň 74,17% ses berdi. Saýlawçylaryň Ahal welaýatynda 76,43%, Balkan welaýatynda 75,59%, Daşoguz welaýatynda 73,13%, Lebap welaýatynda 72,44%, Mary welaýatynda 74,85% ses berdiler.

Çeşmäniň habar bermegine görä, häzirki wagtda ses bermek dowam edýär.

Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynyň geçirilýändigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň