Turkmenportal logo
25.03.23
3583135831
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Daýhanbank» bankomatlarynyň sany boýunça birinji orunda
«Daýhanbank» bankomatlarynyň sany boýunça birinji orunda

«Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky welaýatlardaky bankomatlarynyň sany boýunça öňdeligi eýeleýär. Has takygy, «Daýhanbankyň» Mary welaýatynda 275 sany, Lebap welaýatynda 263 sany we Daşoguz welaýatynda 196 sany bankomaty bar. Bu barada Türkmenistanyň Merkezi banky habar berýär.


Merkezi bankyň berýän maglumatlaryna görä, 2023-nji ýylyň 1-nji martyndaky ýagdaý boýunça Türkmenistanyň ähli ýerlerinde «Daýhanbanka» degişli 1022 bankomat hereket edýär. Bu ugurda ikinji orun «Türkmenistan» (437 bankomat), üçünji orun bolsa «Türkmenbaşy» (357 bankomat) banklaryna degişli.


2023-nji ýylyň 1-nji martyndaky ýagdaýa görä, Türkmenistandaky bankomatlaryň sany boýunça banklaryň reýtingi:


  • DTB «Daýhanbank» — 1022;
  • DTB «Türkmenistan» — 437;
  • PTB «Türkmenbaşy» — 357;
  • PTB «Halkbank» — 143;
  • PTB «Senagat» — 92.