Serdar Berdimuhamedow saýlawlara taýýarlyk boýunça giňişleýin Hökümet mejlisini geçirdi

21:5124.03.2023
0
18523
Serdar Berdimuhamedow saýlawlara taýýarlyk boýunça giňişleýin Hökümet mejlisini geçirdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, mejlisde Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň hem-de Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny geçirmäge görülýän taýýarlyk bilen bagly meselä garaldy.

Mejlisiň barşynda, ilki bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa 26-njy martda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň hem-de Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny guramak boýunça ýerine ýetirilen işler barada maglumat berdi.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary hem-de Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory gözegçilik edýän düzümlerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň hem-de Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna görülýän taýýarlyk, saýlawlary ýokary derejede geçirmek ugrunda alnyp barlan işler, şeýle-de raýatlaryň saýlawlara işjeň gatnaşmagy babatda degişli çäreleriň görülýändigi barada hasabatlary berdiler.

Giňişleýin Hökümet mejlisiniň barşynda oňa gatnaşýan Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygy hem-de Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleri saýlawlary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdiler.

Şeýle-de Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew saýlawlaryň açyklyk, aýanlyk we deňhukuklylyk ýagdaýynda geçirilmegini üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow saýlawlary guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimlerine, şeýle-de Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygyna degişli tabşyryklary berdi.

— Ýurdumyzda saýlawlar açyk, aýdyň, demokratik ýagdaýda geçirilýär. 26-njy martda saýlawçylaryň ses bermäge gatnaşygy barada teleýaýlymlarda, internetde maglumat berip durmaly — diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

Şeýle hem ses bermegiň barşynyň sanly ulgam arkaly, Merkezi saýlaw toparynyň saýtynda onlaýn tertibinde ir sagat 7-den agşam sagat 19-a çenli göni görkezilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

— Goý, ýurdumyzda geçirilýän saýlawlaryň aç-açan, aýan, demokratik saýlawlardygy dünýä ýaýylsyn! — diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe saýlawlar güni ses berilýän ýerlerde jemgyýetçilik tertibini berk berjaý etmek hem-de ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmek barada görkezme berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň