Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen ilçisi Ýaponiýanyň döwlet daşary işler ministri bilen duşuşdy

14:4324.03.2023
0
25569
Türkmen ilçisi Ýaponiýanyň döwlet daşary işler ministri bilen duşuşdy
Surat: japan.tmembassy.gov.tm

Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi Atadurdy Baýramow bilen bu ýurduň daşary işler boýunça döwlet ministri Kenji Ýamadanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Ýaponiýanyň daşary syýasat edarasynyň habar bermegine görä, duşuşykda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, taraplar 2023-nji ýylda meýilleşdirilýän bilelikdäki çärelere we duşuşyklara üns berdiler. Şeýle hem, taraplar duşuşygyň dowamynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda yzygiderli ösdürilýändigini nygtamak bilen, bu ugurlarda ýene-de baý mümkinçilikleriň bardygyny belläp geçdiler.

Taraplar «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» dialogynyň hem-de halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryň ähmiýeti barada nygtap geçdiler. Iki ýurduň diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, halkara düzümleriniň çäklerinde hem netijeli hyzmatdaşlyk edýändigi bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň