Arhiw

Myrat Ýagşyýew Gyrgyzystanyň «Neftçi» futbol toparyna goşuldy

15:1621.03.2023
2
42035

Hüjümçi Myrat Ýagşyýew erkin oýunçy hökmünde Aşgabadyň «Altyn asyryndan» Gyrgyzystanyň «Neftçi» futbol toparyna geçdi. «Transfermarkt» bu barada toparyň jemgyýetçilik torlaryndaky hasabyna salgylanyp habar berýär.

«Nebitçi» Gyrgyzystanyň Premýer-ligasynyň geçen möwsüminde bäşinji orny eýeledi. AFK-nyň kubogynda «Altyn asyr» bilen bir toparçada çykyş eden «Nebitçi» türkmen toparyndan 0:1, Özbegistanyň «Sogdianasyndan» 0:2 hasabynda utulyp, täjikleriň SSKA-sy bilen 0:0 hasabynda deňme-deň oýnady.

Ýagşyýewiň täze topary Jalal-Abat welaýatynyň Goçgarata şäherinde ýerleşýär we öz meýdanyndaky duşuşyklary «Kurmanbek» stadionynda geçirýär.

Klubyň metbugat gullugy türkmenistanly futbolçynyň transferi barada «Hoş geldiň, Myrat!!!» diýen ýazgy bilen habar berdi.

«Neftçi» 31 ýaşly hüjümçi bilen bir möwsümlik şertnama baglaşdy. Ol AFK-nyň kubogynda 30-dan gowrak, Türkmenistanyň milli ýygyndysynda bolsa 20-ä ýakyn duşuşyk geçirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň