Soňky habarlar

Arhiw

«Esasy Sebäp» HK gozgalmaýan emläk meseleleri boýunça maslahat berýär

10:0317.03.2023
0
36339

«Esasy Sebäp» hususy kärhanasy gozgalmaýan emläk bilen baglanyşykly dürli meseleler boýunça maslahat hyzmatlarynyň giň toplumyny hödürleýär.

Kompaniýanyň hünärmenleri gozgalmaýan emlägiň ähli görnüşlerini (jaýlary, öýler (kwartiralar), ofisleri) satyn almak we satmak, şeýle hem ýaşaýyş jaýlaryny hususylaşdyrmak bilen meşgullanýarlar. Kompaniýa satmak ýa-da kärendesine bermek üçin hödürlenýän gozgalmaýan emläkler – öýler (kwartiralar), şol sanda kaşaň jaýlar, kottejlerde, hususy jaýlar, iş otaglary we ş.m. boýunça giňişleýin maglumat binýadyna eýedir.

Mundan başga-da, «Esasy Sebäp» gozgalmaýan emläk üçin resminamalary (patentler, ýitirilen resminamalary dikeltmek, ada geçirmeleri, wesýetleri we miraslary) resmileşdirmek meseleleri boýunça maslahat berýär, şeýle hem ähli görnüşli ýaşaýyş we iş jaýlaryny abatlamak işlerini ýerine ýetirýär.

Ähli hyzmatlar gysga wagtyň içinde we elýeterli bahalarda öňünden töleg geçirilmezden, nagt däl tölegler bilen hödürlenýär.

«Esasy Sebäp» HK-den maslahat almak üçin şu salga ýüz tutmak maslahat berilýär: Aşgabat, köç. Parahat 7/2 (Mir), 6-njy bina.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň