Turkmenportal logo
15.03.23
2270122701
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Holand «Mançester Sitidäki» 36 duşuşygynda 39 gezek tapawutlandy
Holand «Mançester Sitidäki» 36 duşuşygynda 39 gezek tapawutlandy

Erling Holand «Mançester Sitiniň» Çempionlar ligasynda «Leýpsigi» uly hasap bilen ýeňmegine uly goşant goşdy. Ýaryşyň 1/8 finalynda 7:0 hasabynda ýeňiş gazanan «şäherlileriň» 5 goluny norwegiýaly hüjümçi geçirdi.


22 ýaşly Holand duşuşygyň eýýäm birinji ýarymynda üç gezek, ikinji ýarymda ýene iki gezek tapawutlanmagy başardy. Has takygy, 22-nji, 24-nji, 47-nji, 53-nji we 57-nji minutlarda tapawutlanan futbolçy 63-nji minutda başga oýunçy bilen çalşyryldy.


Şeýlelikde, Holand uly futbolda ilkinji gezek penta-trigi amala aşyrdy. Mundan ozal ol «Moldede» we «Borussiýada» bir duşuşykda iki gezek tapawutlanyp görüpdi.


Erlingiň 2019-njy ýylda 20 ýaşa çenli milli ýygyndylaryň arasynda geçirilen dünýä çempionatynda Norwegiýa bilen Gondurasyň arasynda geçirilen we 12:0 hasabynda Norwegiýanyň ýeňşi bilen tamamlanan duşuşykda 9 gezek tapawutlanandygyny hem ýatlamak gerek.


Şeýlelikde, Holand şu möwsümde «Mançester Siti» bilen ähli ýaryşlarda geçiren 36 duşuşygynda 39 gezek tapawutlanyp, ajaýyp netije görkezdi.