Naýbaşy futzal ligasy ― 2023: «Turan» bilen TNGIZT ilkinji utuklaryny gazandylar

10:4915.03.2023
0
17376

«Turan» hem TNGIZT toparlary futzal boýunça Türkmenistanyň Naýbaşy ligasyndaky ilkinji utugyny ikinji tapgyrda gazandylar. Birinji tapgyrda garşydaşlaryndan asgyn gelen toparlar ikinji tapgyrda biri-biri bilen güýç synanyşdylar.

Daşoguz şäherinde geçirilen duşuşyk 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy.

Ýer eýeleri 16-njy martda geçiriljek 3-nji tapgyrda ýaryşyň öňdebaryjylarynyň biri «Köpetdag» bilen güýç synanyşar. TNGIZT bolsa täze möwsümde heniz utugy bolmadyk «Milli Goşun» bilen duşuşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň