Turkmenportal logo
15.03.23
1734617346
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Naýbaşy futzal ligasy ― 2023: «Gümrükçi» 10 pökgi geçiren ilkinji topar boldy

«Gümrükçi» Türkmenistanyň futzal boýunça Naýbaşy ligasynyň täze möwsüminde garşydaş derwezelere 10 pökgi geçiren ilkinji topar boldy.


Möwsümiň ilkinji duşuuşygynda TNGIZT-ni 4:1 hasaby bilen ýeňen «Gümrükçi» ikinji tapgyrda «Milli Goşundan» 7:1 hasabynda üstün çykdy.


Şeýlelikde, iki duşuşukda 6 utuk gazanyp, garşydaş derwezelere 11 pökgi geçiren topar ýaryşyň başyny çekýänleriň hataryna goşuldy. Garşydaşlaryndan iki tapgyrda-da uly hasap bilen ýeňlen «Milli Goşunda» bolsa heniz utuk ýok.


«Gümrükçi» indiki duşuşygyny 16-njy martda bassyr iki duşuşygynda garşydaşlaryndan ýeňlen «Migrasiýa» bilen geçirer. «Milli Goşun» bolsa täze möwsümdäki ilkinji utugyny ikinji tapgyrda gazanan TNGIZT bilen güýç synanyşar.