Soňky habarlar

Arhiw

TDHÇMB-de geleşikleriň jemi bahasy 39 million 900 müň dollardan gowrak boldy

14:5813.03.2023
0
33665

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 33-si hasaba alyndy diýlip, «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, daşary ýurt puluna Beýik Britaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň, Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni, awtobenzini we uçar kerosinini satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Owganystanyň telekeçilerine portlandsement ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 39 million 900 müň dollaryndan gowrak boldy.

Türkmenistanyň telekeçileri içerki bazar üçin «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen nebit ýol bitumyny, el halylaryny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 32 million 617 müň manatdan gowrak boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň