Turkmenportal logo
12.03.23
1394113941
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň futzal boýunça Naýbaşy ligasyna badalga berildi
Türkmenistanyň futzal boýunça Naýbaşy ligasyna badalga berildi

12-nji martda duşuşyklaryň dördüsi bilen Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasyna badalga berildi. Bu barada TFF-niň metbugat gullugy habar berýär.


Ýeri gelende bellesek, futzal ligasynyň 1-nji, 2-nji hem-de 3-nji tapgyrlarynyň duşuşyklary Daşoguz şäherinde geçirilýär.


Türkmenistanyň futzal çempionatynyň toparlaryň 8-siniň gatnaşmagynda geçirilýändigini ýatladýarys.


Üç aýlawdan ybarat bolan Naýbaşy futzal ligasynyň duşuşyklary Aşgabat, Mary, Türkmenbaşy hem-de Daşoguz şäherlerinde geçiriler. Futzal ligasynyň jemleýji tapgyry 26-njy noýabrda geçiriler.