Türkmenistan we Bolgariýa ýakyn wagtda ýokary derejeli ikitaraplaýyn saparlary guramagy meýilleşdirýärler

09:3212.03.2023
0
31492

Türkmenistan we Bolgariýa ýakyn wagtda ýokary derejeli ikitaraplaýyn saparlary guramak, şeýle hem iki ýurduň daşary işler ministrleriniň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirmek isleýär. Bu barada Türkmenistanyň we Bolgariýanyň Russiýadaky ilçileri Batyr Niýazliýewiň we Atanas Krystiniň duşuşygy wagtynda habar berildi diýip, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky diplomatik wekilhanasynyň web sahypasynda mälim edildi.

Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy güýçlendirmek we syýasy, diplomatik, ykdysady, maddy-tehniki we ynsanperwerlik ugurlarda ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Bolgariýanyň Russiýadaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň daşary syýasatyna ýokary baha berdi. Şeýle hem diplomatlar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli ösýändigini we uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.
Mundan başga-da, diplomatlar iş gatnaşyklaryny dowam etdirmek boýunça ylalaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň