Soňky habarlar

Arhiw

«Töleg» mobil goşundysynda AŞTU-nyň hyzmatlary üçin tutumsyz töleg mümkinçiligi döredildi

19:5109.03.2023
1
36072

«Töleg» mobil goşundysy arkaly indi «Aşgabat şäher telefon ulgamy» ÝGPJ-niň hyzmatlary üçin töleg tölemek mümkin. Mobil goşundysynyň täzelenmesi hakynda şu gün mälim edildi.

Mobil goşundysyny «AppStore»-da we «Google Play»-de göçürip alyp bolýar.

«Töleg» — «Altyn Asyr» ÝGPJ-niň aragatnaşyk operatorynyň abonentleriniň smartfonlarynda şahsy hasabyňa gözegçilik etmek we hasabyňy onlaýn ýagdaýda doldurmak üçin niýetlenen ýörite goşundy. Ol abonentlere mobil telefon hasaby onlaýn ýagdaýda tutumsyz doldurmaga, ýagny bank kartasyny elektron gapjyk hökmünde ulanmaga mümkinçilik berýär.

Indi AŞTU-nyň abonentleri Türkmenistandaky islendik bankyň «Altyn Asyr» ulgamynyň bank kartalaryny ulanyp, «Töleg» mobil goşundysynda internet, IPTV we öý telefony hyzmatlary üçin tutumsyz töleg edip bilerler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
zehin321 ( 23.04.2023 )

Bu töleg programmasy arkaly öz altyn asyr kartymdan visa kartyma pul geçirip ýa-da tersine öz visa kartymdan altyn asyr kartyma pul geçirip bilerinmi? Eger bolýan bolsa bu barada maglumat berseňiz köpçülik üçin gaty gyzykly bolardy!

2