Soňky habarlar

Arhiw

«Milan» we «Bawariýa» ÝÇL-iň 1/4 final tapgyryna ýollanma aldy

05:4609.03.2023
0
26734

Ýewropa çempionlar ligasynyň 1/8 final tapgyrynyň jogap oýnunda «Bawariýa» öz öýünde «PSŽ» toparyny ýeňlişe sezewar etdi. «Alýanz Arena» stadionynda geçirilen oýun 2:0 hasabynda ýer eýeleriniň peýdasyna tamamlandy.

Nemes toparynyň düzüminde Şupo-Moting (61-nji minut) we Gnabri (89-njy minut) tapawutlandy. Bu toparlaryň arasyndaky Parižde geçirilen deslapky oýun hem 1:0 hasabynda «Bawariýanyň» ýeňşi bilen gutarypdy. Şeýlelikde, «Bawariýa» iki oýnuň netijesine görä, 3:0 hasabynda garşydaşyndan üstün çykyp, ýaryşyň çärýek finalyna ýollanma aldy.

Parallel wagtda Londonda «Tottenhem» bilen «Milanyň» arasynda geçirilen beýleki oýun golsuz deňlikde tamamlandy. Şunlukda, deslapky oýunda 1:0 hasabynda ýeňiş gazanan Stefano Piloiden tälim alýan «Milan» çärýek finala adyny ýazdyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň