Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabadyň «Parahat-7» ýaşaýyş jaý toplumynda täze ýaşaýyş jaýy ulanmaga berildi

10:3508.03.2023
0
36545

Sişenbe güni Aşgabadyň «Parahat — 7» ýaşaýyş jaý toplumynda 9 gatly, 108 öýli täze ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasy geçirildi. Oňa paýtagt şäheriň we onuň etraplarynyň häkimlikleriniň wekilleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, hormatly ýaşulular, Aşgabadyň ýaşaýjylary we myhmanlary gatnaşdylar.

Täze ýaşaýyş jaýy «Kerwenli dowamat» hususy kärhanasy tarapyndan guruldy. Türkmen metbugatynda habar berilmegine görä, ýaşaýyş jaýyndaky her bir öý häzirki zaman derejesinde abadanlaşdyrylan, gaz peçleri, türkmen telekeçileri tarapyndan öndürilen mebeller, ýyladyş we sowadyş, yşyklandyryş ulgamlary bilen üpjün edilen. Onda öýleriň otaglarynyň ýerleşdirilişi amatly. Bir otagly öýleriň meýdany 36 inedördül metre, dört otagly öýleriňki bolsa 102 inedördül metre barabar.

Täze jaýdan öý almak bagty nesip edenleriň arasynda köp çagaly eneler hem bar.

2023-nji ýylda «Parahat — 7» ýaşaýyş jaý toplumynda ýene 23 sany köp öýli ýaşaýyş jaýynyň gurluşygyny tamamlamak meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň