Turkmenportal logo
07.03.23
1798917989
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Futzal boýunça Türkmenistanyň Naýbaşy ligasynyň senenamasy paýlaşyldy
Futzal boýunça Türkmenistanyň Naýbaşy ligasynyň senenamasy paýlaşyldy

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy futzal boýunça Naýbaşy liganyň senenamasyny paýlaşdy.


Şu ýyl çempionlyk göreşine sekiz topar gatnaşar. Olar «Köpetdag», «Gümrükçi», «Senagatbank», «Milli goşun», «Migrasiýa» (ählisi Aşgabat şäheri), «Turan» (Daşoguz welaýaty) we «Deňizçi» hem-de TNGIZT (ikisi hem Türkmenbaşy şäheri) toparlarydyr.


Türkmenistanyň futzal boýunça Naýbaşy ligasynyň duşuşyklary üç aýlawdan ybarat bolar. Bu aýlawlarda 21 tapgyrda 84 duşuşyk geçiriler. 12-nji martda Daşoguz şäherinde başlanjak möwsüm 26-njy noýabrda tamamlanar.


Şeýle hem Naýbaşy liganyň duşuşyklary Aşgabat şäherinde, Balkan we Mary welaýatlarynda geçiriler.


Liganyň doly senenamasy bilen şu salgydan tanşyp bilersiňiz.


Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanyň futzal boýunça Naýbaşy ligasynyň häzirki çempiony Türkmenbaşy şäheriniň «Deňizçi» futzal toparydyr.