Gonkongyň «Kitçi» klubynda oýnaýan türkmenistanly ýarymgoragçy Ruslan Mingazow Sapling Kubogy-2022/2023 ýaryşynyň toparçalaýyn tapgyrynyň duşuşygynda toparynyň iki goluna awtorlyk etdi. Gonkongyň 23 ýaşa çenli (Gonkong U-23) topary bilen bolan şol oýun 4:0 hasabynda «Kitçiniň» peýdasyna tamamlandy.
Mingazow esasy düzümde meýdança çykyp, 27-nji we 65-nji minutlarda netijeli dürs urgularyň ikisini geçirmegi başardy.
Sapling Kubogy Gonkongyň içerki futbol ýaryşy bolup, oňa Gonkongyň premýer-ligasynyň ähli toparlary gatnaşýarlar. Ýaryşy geçirmekden esasy maksat ýaş oýunçylara has köp duşuşyklarda meýdança çykmaga mümkinçilik döretmekden ybaratdyr.