Aşgabatda bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi

15:0406.03.2023
0
38944

Şu gün Aşgabatda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň on ýedinji mejlisi geçirildi.

Mejlisiň işine türkmen tarapyndan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýewiň ýolbaşçylygynda ministrlikleriň hem-de edaralaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Özbek wekiliýetine Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Jamşid Hojaýew ýolbaşçylyk etdi.

Duşuşykda taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek, ulag ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy güýçlendirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Oba hojalygyndaky hyzmatdaşlygy, şeýle hem himiýa pudagyndaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Bilelikdäki hökümetara toparynyň işiniň jemleri boýunça on ýedinji mejlisiň Teswirnamasyna gol çekmek dabarasy geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň