Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanlylar «Yandex»-iň Tomusky mekdebinde mugt bilim almaga mümkinçilik alarlar

12:4706.03.2023
3
113853

2023-nji ýylyň tomsunda «Yandex» öz akademiýasynyň çäginde talyplar we ähli gyzyklanýanlar üçin Interfeýs ösüş mekdebi, Mobil ösüş mekdebi (iOS, Android, Flutter), Programma döredijiler ösüş mekdebi (Python, Java, C++, Go) we Dolandyryjylar mekdebi ýaly dört okuw mekdebiniň işini ýola goýar. Bu kompaniýanyň Metbugat gullugy tarapyndan habar berildi.

Berlen habarda mekdepde bilimiň tölegsiz, ýazylmagyň bäsdeşlik esasynda geçirilýändigi bellenilýär. Ýazylmak üçin häzirden ýüz tutup bolýar. Iň gowy netije gazanan talyplar tejribelerini artdyrmaga mümkinçilik alarla ýa-da kompaniýada işlemek üçin çakylyk alyp bilerler.

Maksatnama iki basgançakdan ybarat bolar. Birinji basgançakda söhbet sapaklary onlaýn ýagdaýda geçiriler. Soňra Moskwadaky (Russiýa), Belgraddaky (Serbiýa) we Almatydaky (Gazagystanda) «Yandex» ofislerine tejribe okuwlary guralar.

Okuwlar rus dilinde bolar we sapaklary «Yandex»-iň hünärmenleriniň özleri alyp bararlar.

Onlaýn tapgyry üstünlikli tamamlan talyplaryň hemmesine «Yandex»-iň maksatnamasynyň ikinji tapgyryna petek berler we ýaşaýyş jaýy bilen mugt üpjün ediler.

Mekdebe girmek üçin ýüztutma ibermeli. 15-nji martda kompaniýa tarapyndan degişli tertipde bäsleşik esasynda synaglar geçiriler. Sapaklar tomsuň başynda başlanar.

Özüňizi gyzyklandyrýan sowallara Mekdebiň sahypasyndan jogap tapyp bilersiňiz.

«Yandex» akademiýasy 2011-nji ýyldan bäri Tomusky mekdeplerinde okuwlary geçirýär. Bu döwürde 2800-den gowrak hünärmen taýýarlanydy. Şolardan 1076 adam «Yandex»-iň işgäri, 632 adam bolsa kompaniýa üçin işlemegini dowam etdirýär.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Rahman1 ( 16.03.2023 )

в чем смысл этой школы для жителей туркменистана если ссылки которые отправляет школа даже не открывает тут.

3
k203 ( 18.03.2023 )

Написанно "появилась возможность", но на деле, сайт с экзаменационными тестами заблокирован. Как всегда - надувательство

2
Okyjy ( 25.03.2023 )

Türkmenportal, "mümkinçilik açyldy" diýip gyzykdyranyňyza görä registrasiýa geçmek we synagdan geçmek sahypalar açylmagy üçin ýardam ediň. Gyzyklanyp öwrenesi gelýän kän ahyryn.

1