Elektron sportuň türkmenistanly wekilleri Dota 2 boýunça dünýä çempionatynyň saýlama tapgyryna gatnaşarlar

12:1506.03.2023
0
20353

Türkmenistanyň «Galkynysh Esport« elektron sporty topary Dota 2 boýunça geçiriljek dünýä çempionatynyň sebitleýin saýlama duşuşyklaryna gatnaşar.

«Galkynysh Esport» 8 toparyň arasynda geçirilen milli ýaryşda ýeňiji bolup, halkara derejesinde çykyş etmäge hukuk gazandy.

Türkmenistanyň Elektron sporty federasiýasy milli ýaryşyň finalynda «Galkynysh Esport» «Nusaýy» 3:0 hasabynda ýeňendigini habar beripdi. «Galkynysh Esport» Dota 2 boýunça Türkmenistanyň dört gezek çempionydyr.

Milli ýaryşyň iň gowy oýunçysy «Galkynysh Esport»-dan Denis Oglodin (Den4ez) saýlanyldy.

Dünýä çempionaty şu ýylyň 24-nji awgusty ― 4-nji sentýabry aralygynda Rumyniýanyň Ýassy şäherinde geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň